Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.08.2015 | Parahatçylyk döredijilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip

27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasyna resmi sapary başlanýar.


25.08.2015 | Türkmen-gazak işewürler maslahaty

Aşgabat, 25-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-gazak işewürler maslahaty geçirildi, oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.


25.08.2015 | TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda

Şu Kanun döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepilliklerini belleýär.


25.08.2015 | TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Şähergurluşyk işi hakynda

Şu Kanun şähergurluşyk işi amala aşyrylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär hem-de adamyň talaba laýyk ýaşaýyş we durmuş gurşawynyň emele getirilmegine, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegine gönükdirilendir.


25.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasyndaky gepleşikler

Aşgabat, 25-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza ilkinji resmi sapar bilen gelen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň arasynda gepleşikler geçirildi.


25.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow 2015-nji ýylyň 24-25-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda resmi saparda boldy.


24.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de birnäçe düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda Milli özgertmeler maksatnamasyny ýerine ýetirmek, şanly seneleri mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly ugurlara we döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy.


24.08.2015 | Bolgariýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Türkmenbaşy, 24-nji awgust /TDH/. Şu gün Bolgariýanyň Premýer-ministri Boýko Borisow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 25-nji awgustda Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň öň ýanynda myhman ýurdumyzyň iri senagat, ulag we dynç alyş merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşy şäherine baryp gördi.


23.08.2015 | Birža täzelikleri 23-nji awgust

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.


23.08.2015 | Türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýoly bilen

Şu gün, 24-nji awgustda Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň Türkmenistana resmi sapary başlanýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter