Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

05.05.2015 | Resmi habarlar 5-nji Maý

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mowlamkul Kadyrowiç Sultanow Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


05.05.2015 | Türkmenistan – Hytaý: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Pekin, 5-nji maý (TDH). Şu gün Pekiniň “Jintaý” sungat muzeýinde “Kitap parahatçylygyň we ösüşiň hyzmatynda” ady bilen ýöriteleşdirilen kitap sergisiniň, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy, bu çäräni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna we 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatlyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejeli dürli çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy gurady.


04.05.2015 | Ynsanperwer gatnaşyklaryň geljegi: türkmen-italýan gatnaşyklary gerimini giňeldýär

Rim, 4-nji maý (TDH). Italiýa Respublikasynda saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Westin Exeelsior” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasynyň golaýyndaky “Willa Borgeze” rim seýilgähine baryp gördi.


04.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

Rim, 4-nji maý (TDH). Şu gün Italiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda gepleşikler geçirildi.


04.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY

Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 3-4-nji maýy aralygyndaky döwürde Italiýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy.


04.05.2015 | Türkmen karateçileriniň goşa ýeňşi

Şotokan karate boýunça ýakynda Tbiliside (Gruziýa) tamamlanan VI dünýä çempionatynda türgenlerimiz oňat netije gazandylar. Aýry-aýry kumite (tutluşyklar) we toparlaýyn kata (toplumlaýyn maşklar) görnüşlerinde gazanylan iki altyn we bir bürünç medal bilen Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň üsti ýetirildi.


04.05.2015 | Watan gerçekleriniň şanyna

Aşgabat, 4-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda ýakynda “Kelete” okuw-türgenleşik merkezinde “Watan gerçegi” atly görkezme söweşjeň atyşykly okuw täliminiň barşynda aýratyn tapawutlanan harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlaryň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi.


03.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Milan, 3-nji maý /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýada iş saparynda bolmagynyň çäginde, meşhur fransuz kompaniýasy “Sifalyň” ýolbaşçysy jenap Žil Remi bilen duşuşyk geçirdi.


03.05.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “EKSPO-2015” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat-Milan, 3-nji maý (TDH). Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.


03.05.2015 | Birža täzelikleri 3-nji Maý

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter