Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.04.2015 | Halkara bilermenler toparynyň duşuşygy

Brýussel, 22-nji aprel (TDH). Şu gün Belgiýanyň paýtagtynda energýia serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça bilermenleriň halkara duşuşygy geçirildi. Ol halkara hyzmatdaşlygynyň täze energetika düzümlerine maýa goýmak ugruna bagyşlandy.


22.04.2015 | Resmi habarlar 22-nji Aprel

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanow Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


22.04.2015 | Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesiniň hormatyna maslahat

Änew, 22-nji aprel (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Türkmenistanda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, Ahal welaýatynyň häkimligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy.


21.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň baştutanyny kabul etdi

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan baştutany ilçi Miroslaw Ýençany kabul etdi.


21.04.2015 | Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek ýoly bilen

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde biziň ýurdumyzda sapar bilen bolýan Latwiýa Respublikasyndan Ýewpora parlamentiniň deputaty hanym Iweta Grigule bilen duşuşyk geçirildi.


21.04.2015 | Türkmenistanda Bruneý – Darussalam Döwletiniň ilçisi işläp başlady

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Meälisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Bruneý – Darussalam Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Haji Mahadi Maýdinden ynanç hatyny kabul etdi.


21.04.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, Türkmenistan bilen Bruneý-Darussalam Döwletiniň arasynda bar bolan dostlukly hem-de özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirmek bilen, biz ynamdar we hormatly jenap Hajy Mahadi Maýdini Siziň ýanyňyzda Bruneý-Darussalam Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde saýladyk.


21.04.2015 | Saýlaw işiniň hukuk esaslary boýunça maslahat

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň we ÝHHG-nyň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosynyň guramagynda saýlaw işiniň hukuk esaslaryna bagyşlanan maslahat öz işine başlady.


21.04.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm başlangyçlary türkmen-hytaý forumynyň üns merkezinde

Lançžou, 21-nji aprel (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň merkezinde, Lançžou Ulag uniwersitetinde Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky ulag-üstaşyr gatnawlary diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Türkmen-hytaý gatnaşyklary: durnukly ösüşiň bähbidine ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly wekilçilikli forum boldy.


20.04.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekilini kabul etdi

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Hideomi Nakadzimeni kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter