Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

20.04.2015 | Babadaýhanlar şaly ekişine taýýarlyk görýärler

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary şaly ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlaýarlar. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda şaly Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapda 8 müň 100 gektar meýdana ekiler. Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk, Serdarabat, Saýat, Garabekewül we Halaç etraplarynda bolsa bu ekini 10 müň 200 gektara ekmek meýilleşdirilýär.


20.04.2015 | Türkmenistanyň zenanlarynyň dabaraly maslahaty geçirildi

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň bäşýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagyna bagyşlandy.


20.04.2015 | Türkmen talyplary Halkara olimpiadasynyň baýraklaryna eýe boldular

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň Minskide geçirilen nazary mehanika boýunça IX Halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etmekleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamynda başyny başlan özgertmeleriniň netijelidigine nobatdaky gezek şaýatlyk etdi. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 30-synyň wekilleriniň arasyndaky dartgynly geçen toparlaýyn ýaryşlaryň netijesinde biziň ýaş watandaşlarymyz ikinji orny eýelediler.


18.04.2015 | Birža täzelikleri 18-nji Aprel

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.


17.04.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy we birnäçe resminamalar kabul edildi.


17.04.2015 | Resmi habarlar 17-nji Aprel

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


17.04.2015 | Türkmenistan BMG-niň gender deňligi meseleleri boýunça düzümine saýlanyldy

Nýu-Ýorkdan nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy--Türkmenistan BMG-niň gender deňligi, şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy.


16.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly ileri tutulýan wezipelere, obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýyna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.


16.04.2015 | Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri! Sizi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň döredilmeginiň 12 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


16.04.2015 | Resmi habarlar 16-nji Aprel

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýagmyr Kakageldiýewiç Gulmämmedow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter