Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.11.2016 | Daşkentde Türkmenistanyň Medeniýet günleri dowam edýär

Daşkent, 9-njy noýabr (TDH). Özbegistan Respublikasynyň paýtagtyndaky döredijilik çäresiniň ikinji güni özbek doganlarymyzy türkmen sungatynyň geçen asyrlardaky we häzirki döwürdäki täsin özboluşlylygy bilen tanyşdyrýan çärelere baý boldy.


09.11.2016 | Resmi habarlar 9-njy Noýabr

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mätiýew Berdiniýaz Gurbanberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de oňa ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmelidigi duýduryldy.


09.11.2016 | Türkmenistanda Halkara sergisi we maslahat geçirilýär

Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Bilim ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde geçirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly Halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.


09.11.2016 | Awazada VIII Halkara maýa goýum maslahaty açyldy

Awaza, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde VIII Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümlerine, şeýle hem dünýäniň 20-ä golaý ýurdunyň abraýly maliýe guramalaryna we kompaniýalaryna degişli wekiller gatnaşýarlar.


08.11.2016 | Kuala-Lumpurda ýokary derejede gepleşikler geçirildi

Kuala-Lumpur, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Tun Abdul Razakyň arasynda gepleşikler geçirildi.


08.11.2016 | Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

Daşkent, 8-nji noýabr /TDH/. Şu gün özbek paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy.


08.11.2016 | Türkmenistan türki medeniýetiniň festiwalyna gatnaşýar

Seul, 8-nji noýabr /TDH/. Şu gün düzüminde estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, belli sazandalar we tansçylar bolan Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän türki medeniýetiniň halkara festiwalynyň açylyş dabarayna gatnaşdy.


07.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

Aşgabat-Kuala-Lumpur, 7-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.


07.11.2016 | Türkmenistan-Koreýa: tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Aşgabat, 7-nji noýabr (TDH). Şu şün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan “Energetika, ulag we senagat ulgamlarynda tehnologiýa hyzmatdaşlygy we teklipler” atly maslahat geçirildi.


06.11.2016 | Türkmenistanyň ýygyndy topary – halkara ýaryşynyň ýeňijisi

Aşgabat, 6-njy noýabr (TDH). Şu gün Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň oýun görnüşleri toplumynda geçen 3х3 basketbol boýunça halkara ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi. Türkmen türgenleri erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda altyn we kümüş medallary zenanlaryň arasynda bolsa altyn medaly eýelediler.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter