Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.02.2015 | Hökümetara türkmen-horwat toparynyň mejlisi

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň birnäçe döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


04.02.2015 | TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda


04.02.2015 | Resmi habarlar 4-nji Fewral

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň Arçabil we Çandybil etraplarynyň birikdirilmegi bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


04.02.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine bardy, milli Liderimiz ol ýerde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň möhüm meselelerine we geljegine bagyşlanan maslahat geçirdi. Maslahatda 2015-2016-nji ýyllarda Aşgabat şäherini ösdürmegiň Konsepsiýasyny bilen baglygy meselä seredildi. Onda Aşgabat şäheriniň ähli düzümlerini, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlary, binagärlik-gurluşyk işleriniň tapgyrlary, ähli ulgamlary – senagatdan, ulagdan we aragatnaşykdan, maliýe-bank ulgamyndan ylma, sporta we syýahatçylyga çenli öz içine alýan ugurlara maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň çäreleri kesgitlenildi.


03.02.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.


03.02.2015 | Döwlet we jemgyýet: ileri tutulýan ugurlaryň esasynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwi tarapyndan neşir edilýän “Syýasat we jemgyýet” atly ylmy-taglymat žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy.


02.02.2015 | Resmi habarlar 2-nji Fewral

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dörtguly Hojaýew Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


02.02.2015 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2015-nji ýylyň birinji aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birlikde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa hem gatnaşdy.


02.02.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetrilen işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.


01.02.2015 | Taý boksy boýunça Türkmenistanyň birinji çempionaty geçirildi

Aşgabat, 1-nji fewral (TDH). Türkmenistanyň milli sport hereketiniň taryhyna täze sahypa ýazyldy: şu gün paýtagtymyzyň “Galkynyş” sport toplumynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda taý boksy boýunça ýurdumyzyň birinji çempionaty tamamlandy .



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter