Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.03.2015 | Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri

Ýerewan, 25-nji mart (TDH). Şu gün Ermenistan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy we dostlugy pugtalandyrmaga, esasynda iki halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni aragatnaşyklary duran däp bolan özara hereketleri ösdürmäge gönükdirilen döredijilik forumynyň ilkinji çäreleri geçirildi.


25.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti “Itera” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Itera” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Makarowy kabul etdi. Ol özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi.


25.03.2015 | Aşgabatda Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi geçirilýär

Aşgabat, 25-nji mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda açylan Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi döredijilik ylhamynyň hem-de gözelligiň baýramçylygyna öwrüldi. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.


24.03.2015 | Türkmen-fin işewürlik maslahaty

Aşgabat, 24-nji mart (TDH). Türkmenistan bilen Finlýandiýa Respublikasynyň arasmyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri şu gün paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen türkmen-fin işewürlik maslahatynyň gün tertibiniň esasyny düzdi.


24.03.2015 | Resmi habarlar 24-nji Mart

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nurmuhammet Gündogdyýewiç Aýmämedow pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Suw hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


24.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 24-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.


22.03.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Rejep Taýyp Ärdogan, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym, Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi hem-de dostlukly we doganlyk türkmen halkyny, türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaýaryn.


22.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhana ejesi, hanym Sakine Peýwandiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.


22.03.2015 | Birža täzelikleri 22-nji Mart

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.


22.03.2015 | Bahar baýramynyň hormatyna paýtagtymyzdaky dabaralar

Aşgabat, 22-nji mart /TDH/. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet işgärlerine hem-de bu ulgamyň ýolbaşçylaryna Halkara Nowruz gününi özboluşly milli däplere laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada beren tabşyrygyna jogap edip, ýurdumyzyň sungat ussatlary, suratkeşleri hem-de sazandalary, artistleri we şahyrlary, tansçylary we aýdymçylary bu ajaýyp bahar toýuna mahsus bolan aýratyn gerim bilen döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter