Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.05.2015 | Türkmenistan –Ýaponiýa: netijeli hyzmatdaşlygyň sepgitleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji maýda bolan mejlisinde degişli Kararlara gol çekip, “Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny” tassyklady.


15.05.2015 | Türkmen edebiýatynyň dünýä meşhur nusgawy şahyrlarynyň hatyrasyna

Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senäniň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekiliýeti türkmen halkynyň ajaýyp ogullary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň müdimilik aram tapan ýerine zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň paýtagtyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna ugrady.


14.05.2015 | Dünýä metbugatynyň sahypalarynda: Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary

Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa we Sloweniýa bolan resmi saparlarynyň netijeleri boýunça dünýä metbugaty şeýle netijä geldi.


14.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Sloweniýa Respublikasyna sapary tamamlandy

Lýublýana — Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy.


13.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat wekillerine ýüzlenmesi

Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri! Gadyrly dostlar! Hanymlar we jenaplar!


13.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Sloweniýa Respublikasyna resmi sapary

Wena-Lýublýana, 13-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa Respublikasyna resmi sapary başlandy.


13.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

WENA, 13-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awsrtriýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanýer bilen duşuşdy. Wagt tapyp duşuşandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, iri halkara guramasyngyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy iki ýurduň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini äşgär eden ýokary derejedäki türkmen-awstriýa gepleşikleriniň uly üstünliklere beslenmegi bilen gutlady.


12.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa—Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Wena, 12-nji maý (TDH). Awstriýa Respublikasynda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Awstriýa—türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi.


12.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti AEHA-nyň baş direktory bilen duşuşdy

Wena, 12-nji maý (TDH). Awstriýa Respublikasynda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Atom energiýasy boýunça Halkara agentliginiň (AEHA) baş direktory Ýukiýa Amano bilen duşuşdy. Duşuşyk türkmen döwletiniň Baştutanynyň resmi kabulhanasy ýerleşen “Imperial” myhmanhanasynda geçirildi.


12.05.2015 | Özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ýoly bilen

13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa Respublikasyna resmi sapary başlanýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter