Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

11.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna geldi

Aşgabat-Tegu, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.


11.04.2015 | Birža täzelikleri 11-nji Aprel

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.


11.04.2015 | Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi başlandy

Aşgabat, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Aşgabadyň sport toplumynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilen we çeýe bedewler gatnaşdyrylýar.


10.04.2015 | Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

11-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet sapary bilen ugraýar. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylary bilen ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer, şeýle hem VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşar.


10.04.2015 | Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlyk giň gerime eýe bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň köpsanlysyny dürli sport, bedenterbiýe hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere çekýär.


10.04.2015 | Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde gurluşyk toplumynyň edaralarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady. Bu ýerde oňa gatnaşyjylaryň 125-den gowragy, şol sanda 13 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 107-si öz önümlerini görkezdiler.


10.04.2015 | Elektron hyzmatlar: halkara we milli tejribe

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Elektron döwlet hyzmatlary: halkara we milli tejribe” mowzugy boýunça “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi.


09.04.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 9-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerinirň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


09.04.2015 | Resmi habarlar 9-njy Aprel

1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.


08.04.2015 | Elektroenergetika: hyzmatdaşlygyň dünýä tejribesi

Şu günler paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Elektrik energiýasynyň halkara söwdasy hem-de elektrik energiýasyny satyn almak we satmak boýunça halkara şertnamalary” atly okuw maslahaty geçirilýär. Ol ABŞ-nyň halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan guralyp, oňa Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Türkmenenergo” döwlet energetika korporasiýasynyň hünärmenleri gatnaşýarlar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter