Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

02.04.2015 | Türkmen kikboksçylarynyň altyn medallary

Kikboksyň türkmen mekdebiniň türgenleri köp ýyllaryň dowamynda halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezip gelýärler. Ine, bu gezek hem olar Latwiýada we Germaniýada ýakynda geçirilen uly ýaryşlaryň birbada ikisinde tapawutlandylar.


02.04.2015 | Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýurdy

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň ikinji güni welýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda küşt boýunça ýaryş bilen dowam etdi.


02.04.2015 | Aziada—2017-ä bagyşlanan Halkara maslahaty

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Aziada—2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly Halkara maslahaty açyldy.


02.04.2015 | Resmi habarlar 2-nji Aprel

“Awtomobil ýollary we ýol işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň Düzgünleri, şeýle hem Awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgileriniň berilmeginiň Düzgünleri tassyklanyldy.


02.04.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.


02.04.2015 | Türkmenistan suwdan peýdalanmak we ekologiýa ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Mizan» täjirçilik merkezinde «Suw damjasy — altyn dänesi» baýramçylygyna gabatlanylyp, «Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri» atly halkara maslahat geçirildi.


01.04.2015 | Halkymyzyň sagdynlygynyň hatyrasyna

Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanda “Saglyk we bagtyýarlyk” atly şygar bilen, köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik çäreleriň biraýlygy başlandy.


01.04.2015 | TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda

1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny döretmeli. 2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).


01.04.2015 | Resmi habarlar 1-nji Aprel

Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


01.04.2015 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji çärýeginde mähriban topragymyzda asudalygyň we durnuklylygyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp baran işleriniň netijelerine garaldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter