Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

20.10.2020 | GDA gatnaşyjy döwletleriň teatr režisýorlarynyň halkara onlaýn-duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, onlaýn görnüşde GDA gatnaşyjy döwletleriň teatr režissýorlarynyň halkara döredijilik duşuşygy geçirildi.


20.10.2020 | Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa-Owganystan görnüşdäki onlaýn-duşuşyk

Şu gün Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň), Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB — MA — Owganystan görnüşinde wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.


20.10.2020 | Türkmenistanyň wekilleri MASYH meýdançasynda onlaýn-duşuşyga gatnaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk» (MASYH) maksatnamasynyň resmi adamlarynyň wirtual mejlisine gatnaşdylar. Gün tertibine 2030-njy ýyla çenli niýetlenilen bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy, köptaraply hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek baradaky meseleler girizildi.


20.10.2020 | Türkmenistan-Hindistan: dostlukly halklaryň bähbidine hyzmatdaşlyk

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik bilen baglylykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri şu gün Mejlisde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Widh Pithambaran Nair bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.


19.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.


19.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Gün tertibinde ykdysadyýeti pandemiýadan soň dikeltmäge goldaw bermekde hususy maliýeleşdirmegi çekmegiň meselelerine garaldy.


19.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Tunisiň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt baradaky, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.


18.10.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sport-ulag merkezine bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi. Bu ýerde milli Liderimiz awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramak, degişli türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


18.10.2020 | Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilip geçilýän Senagat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!


18.10.2020 | Awtomobil sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatlary geçirildi

Şu günler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, “Volkicar-drift”, toparlaýyn “Volkicar” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter