Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet saparynyň barşynda milli Liderimize Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň arasyndaky hazmatdaşlygy, türkmen we gruzin halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” diýen ylmy at berildi.


04.07.2015 | “Awazada” täze desgalaryň açylyş dabaralary

Türkmenbaşy, 4-nji iýul (TDH). Şu gün agşam Awaza milli syýahatçylyk zolagynda şypahana düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu ýerde deňiz kenaryna bezeg beren seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň üçüsiniň açylyş dabarasy boldy.


03.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy

Tbilisi-Aşgabat, 3-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýa iki günlik resmi saparyny tamamlady.


02.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widoda köp sanly adam pidalaryna getiren“Gerkules С-130” harby-ulag uçarynyň heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.


02.07.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Giorgiý Margwelaşwiliniň gepleşikleri

Aşgabat-Tbilisi, 2-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.


01.07.2015 | Resmi habar 1-nji Iýul

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň häkiminiň orunbasary Arazmämmet Berdimämmedowiç Hojamow Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.


01.07.2015 | Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kuwwaty artýar

2-iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary başlanýar. Bu sapar dostlukly döwletiň Baştutany Giorgiý Margwelaşwiliniň çagyrmagy bilen amala aşyrylýar.


01.07.2015 | Durky täzelenen Grand Türkmen myhmanlary çagyrýar

Paýtagtymyzyň bäş ýyldyzly Grand Türkmen myhmanhanasy düýbünden täze keşbe girdi. Onuň durky täzelenenden soň bu ýerde myhmanlar üçin amatlylygyň we oňaýlyklaryň derejesi ýokarlandy. Şonuň bilen birlikde ýokary derejeli we zerur bolan hyzmatlaryň edilmegi myhmanhananyň esasy aýratynlygy bolup durýar.


01.07.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meselelere, milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň barşyna, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


01.07.2015 | Aşgabatlylar – iň ökde bilýardçylar

Aşgabatda bilýardyň “Erkin piramida” görnüşi boýunça ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan 60 türgeniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Aýgytlaýjy oýunda paýtagtymyzyň toparynyň iki wekili öz aralarynda güýç synanyşdylar. Gyzykly geçen bu duşuşykda Batyr Aşyrow Begenç Aýdogdyýewi ýeňil bolmadyk oýunda 7:4 hasabynda ýeňmegi başardy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter