Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

20.03.2015 | Döwletliler köşgünde bolan dabara

Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Nowruz baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde terbiýe alýanlara ýene bir sowgat gelip gowuşdy. Şu gün nobatdaky “SCANIA” awtobusy olaryň ygtyýaryna berildi.


19.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tunis Respublikasynyň Prezidenti jenap Beži Kaid Es-Sebsä Tunis şäherinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


19.03.2015 | Biziň watandaşlarymyz halkara ýaryşlarynda uly üstünlik gazandylar

Halkara sport giňişliginde türkmenistanlylaryň üstünlikli çykyşlaryny alyş guşakly göreşiň we taekwondo söweş sungatynyň (WTF) ussatlary dowam etdiler. Ýaryşlaryň ikisiniň netijeleri boýunça ýurdumyzyň sport üstünlikleriniň medallaryň 15-si—2 altyn, 7 kümüş we 6 bürünç medallar bilen üsti ýetirildi. Türgenler bu üstünligini Nowruz baýramyna bagyşladylar.


19.03.2015 | Magtymgulynyň şygryýeti tutuş adamzadyň baýlygydyr

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


19.03.2015 | Türkmen-koreý işewürler maslahaty

şgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Koreýanyň halkara söwdasy assosiasiýasy tarapyndan guralan türkmen-koreý işewürler maslahaty boldy. Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyga ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.


19.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mütewelliogluny kabul etdi.


18.03.2015 | “Ahal” AFK-2014 Kubogynyň finalçysyndan üstün çykdy

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). “Ahal” toparynyň futbolçylary Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynda şu gün Yragyň iň güýçli toparlarynyň biri “Erbilden” 2:1 hasabynda üstün çykdy.


18.03.2015 | Bahar baýramyna bagyşlanan üstünlikler

Wengriýanyň paýtagtynda tamamlanan küşt boýunça “First Saturday” halkara ýaryşynda türkmenistanlylar örän ýokary netije görkezip, medallaryň ähli görnüşlerine: halkara ussatlarynyň toparynda altyn we kümüş, halkara grossmeýsterleriniň toparynda bolsa kümüş medallara mynasyp boldular. Biziň ildeşlerimiz bu üstünlikleri nusgawy görnüşinde geçirilen ýaryşlarda eýe boldular, onda bir küşt bäsdeşligine her göçümden soň 30 sekunt goşmak bilen 1,5 sagat wagt berilýär.


18.03.2015 | Türkmenistanyň senagatçylaryň we telekeçileriň gazananlarynyň sergisi öz işini tamamlady

Aşgadat, 18-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününiň 7 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gözden geçiriliş öz işini tamamlady. Bu giň möçberli çäräni ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.


18.03.2015 | Türkmen-polýak işewürlik maslahaty

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-polýak işewürlik maslahaty boldy. Onuň işine Türkmenistanyň we Polşa Respublikasynyň birnäçe döwlet düzümleriniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter