Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý halk Respublikasynyň Ösüş we özgertmeler işleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, HHR-iň energetika baradaky döwlet müdirliginiň başlygy Nuýer Baýkelini kabul etdi.


17.03.2015 | Aşgabatda senagatçylaryň we telekeçileriň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär

Aşgabat, 17-nji mart /TDH/. Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde nobatdaky ykdysady forum—Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty açyldy. Ol bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilmeginiň 7 ýyllygyna bagyşlanyldy.


17.03.2015 | Resmi habar 17-nji Mart

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 6728 belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.


17.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Aşgabat, 17-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


16.03.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Jenap Prezident, Polşa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda bar bolan dostlukly gatnaşyklaryny goldamak we ösdürmek maksady bilen, men jenap Mark Salkany Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemegi karar etdim.


16.03.2015 | Resmi habarlar 16-nji Mart

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ogulbagt Annaberdiýewna Çopanowa “Watan” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


16.03.2015 | Türkmenistanda Polşa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Aşgabat, 16-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mark Salkadan ynanç hatyny kabul etdi.


16.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.


15.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Ozal habar berlişi ýaly, Sukuba uniwersitetiniň (Ýaponiýa) alymlar geňeşiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we barlaglary geçirmek ulgamynda özara alyşmalar boýunça halkara okuw maksatnamasyna ýardam berendigi üçin, bu ýokary okuw mekdebiniň Hormatly doktory diýen ada mynasyp boldy.


15.03.2015 | Birža täzelikleri 15-nji Mart

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 72-si bellige alyndy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter