Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşar

9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşar.


08.05.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek baradaky gündelik wezipelere hem-de döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.


08.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti uruş weteranlary we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary bilen duşuşdy

Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Maslahat köşgünde” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlary hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary bilen dabaraly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


08.05.2015 | Resmi habarlar 8-nji Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Medeniýet ministri Garajaýew Annageldä berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.


08.05.2015 | Aziýanyň çempionatynyň öňüsyrasynda

Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün «Galkynyş» sport toplumynda Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp, köpugurly söweş boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň final duşuşyklary geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Olaryň hatarynda ýer eýeleri – paýtagtymyzyň türgenleri ýokary ussatlyk görkezip, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler.


08.05.2015 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Wladimir Putin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti: Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Sizi we Siziň watandaşlaryňyzyň ählisini Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


08.05.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi.


08.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden we daşary ýurtlardan köp sanly gutlag hatlary we telegrammalary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary öz hatlarynda eziz Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny şirin janlaryny gurban edip goran türkmenistanly esgerleriň edermenligi hakynda ýatlamalar minnetdar nesilleriň kalplarynda hemişelik ýaşar diýip belleýärler. Olaryň görkezen edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň we gahrymançylygynyň belent nusgasy häzirki we geljek nesiller üçin görelde bolup hyzmat eder. Gutlag hatlaryny iberenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uruş weteranlary we şehit bolan esgerleriň ýanýoldaşlary hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we tutuş dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegine bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.


08.05.2015 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz halkym! Hormatly uruş weteranlary! Sizi şanly baýram — 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Adamzadyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýe bolan, çäksiz guwanç we buýsanç duýgularyny döredýän Ýeňiş baýramy parahat, asuda we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýar. Bu ajaýyp baýram halklary ýakynlaşdyrýar, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrýar. Berkarar döwletimizde Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň taryhy müňýyllyklara uzaýan mähriban halkymyzyň parahatçylyga we dost-doganlyga bolan söýgüsini dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn!


08.05.2015 | Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabara

Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyny baýram etmegiň öň ýanynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde uly dabara geçirildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter