Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

20.06.2020 | Türkmen Lideri Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidentine hat ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe hat ýollady. Döwlet Baştutanymyz öz hatynda onuň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belleýär.


19.06.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwletimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


19.06.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus Hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi boldy. Oňa iki ýurduň esasy pudaklarynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


19.06.2020 | Türkmen arheologlary ýazky möwsümleýin işleriň jemini jemlediler

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylyň arheologik barlaglarynyň ýazky möwsümi milli taryhymyzyň üsti açylmadyk sahypalaryny öwrenmek, halkymyzyň medeniýetini ösdürmek babatda örän netijeli boldy. Şol döwürde gadymy binagärligiň täsin desgalarynda dikeldiş işleri hem geçirildi.


19.06.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, şeýle hem «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda çykaran 1676-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


19.06.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin 2020-nji ýylyň 23-24-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


19.06.2020 | Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki brifing

Şu gün Daşary işler ministrliginde «Koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça häzirki ýagdaýlara syn» mowzugy boýunça nobatdaky brifing geçirildi.


19.06.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.


18.06.2020 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky täze gurluşyklarda işleriň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün irden Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza tarap ugrady.


18.06.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň çäklerinde nobatdaky mejlis geçirildi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter