Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.01.2015 | Resmi habarlar 19-njy Yanwar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkiminiň orunbasary Annaguly Gelenow Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.


19.01.2015 | Neşesiz jemgyýet ugrunda – bagtyýar durmuş we ajaýyp geljek ugrunda!

19-njy ýanwarda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow neşekeşlige hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrabandasyna garşy barlyşyksyz göreşmek boýunça çäreleri güýçlendirmegiň möhümdigi barada aýdyp, hukuk goraýjy edaralaryň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, durmuşa degişli düzümleriň ählisiniň öňünde neşekeşlige hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrabandasyna garşy göreşmek boýunça anyk wezipeleri goýdy.


18.01.2015 | Türgenler Olimpiada — 2016-a taýýarlanýarlar

Ahal welaýatynyň Yzgant obasynyň sport mekdebinde grek-rim göreşi boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi, oňa nusgawy göreş boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar.


18.01.2015 | Resmi habarlar 18-nji Ýanwar

Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


17.01.2015 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine

Hormatly Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri! Sizi Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň döredilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň durmuş abadançylygyny, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini, jebisligini üpjün etmek boýunça alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriňizde size hemişe üstünlikleri arzuw edýärin!


17.01.2015 | Birža täzelikleri 17-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.


17.01.2015 | Adam hukuklaryny berjaý etmek – Türkmenistan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Aşgabat, 17-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


16.01.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meseleleriň birnäçesine, şeýle hem möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


16.01.2015 | Resmi habarlar 16-nji Ýanwar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gurluşyk we binagärlik ulgamynda gazanylýan üstünlikleri we täzelikleri giňden ýaýbaňlandyrmak, halk köpçüligine ýetirmek hem-de gurluşyk pudagynyň kämilleşdirilişini yzygiderli beýan etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


15.01.2015 | 2014-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy türgenleriniň onusy

Ýakynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan berlen sanawa görä, hut şol sport ýaryşlarynyň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar 2014-nji ýylda has tapawutlanan türgenleriň onlugyny kesgitlemek boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Elbetde, halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolanlaryň örän köp bolandygy sebäpli iň gowy türgenleri kesgitlemek hünärmenlere aňsat bolmady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter