Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

29.04.2015 | Türkmenistan – ÝHHG: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmäge hem-de ýerli we daşary ýurtly žurnalistleri bellige almagyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam bermekde halkara ölçegleri hem-de milli tejribe” atly iki günlük maslahat öz işine başlady.


28.04.2015 | Ýurdumyzyň ilkinji hemra aragatnaşygyna badalga bermek dabarasy boldy

Kanaweral burny-Aşgabat, 27-28-nji aprel (TDH). Şu gün ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52oE” ilkinji aragatnaşyk hemrasyny äleme çykarmak çäresi boldy. Biziň ýurdumyzyň buýrmasy esasynda Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasynyň taýýarlan kosmiki enjamy “Falсon 9” göteriji bilen älem giňişligine çykaryldy.


28.04.2015 | Älem giňişligine tarap

Bu sene Türkmenistanyň garaşsyz taryhynyň senenamasynda aýratyn orun eýelär: 2015-nji ýylyň 28-nji ýylyň aprelinde Aşgabat wagty bilen 4 sagat 03 minutda Kanaweral burnundaky kosmodromdan (Florida ştaty, ABŞ) Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 520 E» ilkinji aragatnaşyk hemrasy uçuryldy. Ýurdumyzyň buýurmasy boýunça Fransiýanyň «Thales Alenia Space» kompaniýasy tarapyndan gurlan emeli hemra «Falcon 9» göterijisi tarapyndan älem giňişligine çykaryldy.


28.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 520E» milli aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka uly seslenme döredip, türkmen halkynyň ýürek buýsanjyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ajaýyp waka bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we ýurdumyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda täze üstünlikleri arzuw edýärler.


28.04.2015 | Ýeriň emeli hemrasyny uçurmak we ony dolandyrmak işleri

Ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasyny uçurmagy amala aşyrmak işleri kosmiki hyzmatlar bazarynda abraýly «SpaceX» kompaniýasyna ynanyldy, ol «Falcon» hemra göterijiler toplumyny işläp taýýarlaýan hem-de kosmos ulgamlarynyň operatory bolan kompaniýadyr.


27.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ram Baran Ýadawa köpsanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly çuňňur gynanç bildirdi.


27.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Ozal habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy. Ýurdumyzyň ilaty bu habary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.


27.04.2015 | BAE-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dostluk konserti bilen tamamlandy

Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Aşgabat aýdym-saz merkezide iki ýurduň sungat ussatlyrynyň bilelikdäki konserti döredijilik baýramçylygynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.


27.04.2015 | Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň binýady

Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Bitarap Türkmenistan—parahatçylygyň we howpsuzlygyň, dostlugyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýady” ady bilen ylmy maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkmen döwlet uniwersiteti bilelikde gurady.


26.04.2015 | Türkmenistan –Tatarystan Respublikasy: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugry bilen

Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Rustam Minnihanowyň duşuşygy boldy. Myhman Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada geldi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter