Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Müňýyllyklardan gözbaş alýan ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Türkmen halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr. Gözelligi, nepisligi, müň dürli reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir.


25.05.2019 | «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi geçirildi

Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi geçirildi. Ol şähergurluşygy babatda ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny görkezdi.


25.05.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy.


25.05.2019 | «Soňky jaň» baýramçylygy mynasybetli dabaralar

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde täze belent maksatlara ýetmäge ruhlanan oglanlaryň we gyzlaryň müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilimleri aldylar.


25.05.2019 | Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Sizi belent maksatlara ruhlandyrýan ajaýyp bilimler baýramy — «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


25.05.2019 | «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


24.05.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


24.05.2019 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


23.05.2019 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, şäheriň esasy şaýollarynyň ugrunda arassaçylyk işleriniň üpjün edilişine üns berdi.


23.05.2019 | Türkmenistan «Geljegiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly XIV Halkara mediaforuma gatnaşýar

Ady rowaýata öwrülen belarus şäheri XIV Halkara mediaforuma gatnaşyjylaryň 250-ä golaýyny mähirli garşylady. Olar dünýäniň 24 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan esasy habar beriş serişdelerine — habarlar agentliklerine, tele we radio ýaýlymlaryna, sebit neşirlerine, bilermenler jemgyýetine wekilçilik edýärler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter