Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

13.03.2015 | Türkmen küştçüleri — halkara ýaryşynyň öňdebaryjylary

Şu günler Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde küşt boýunça däbe öwrülen “First Saturday” halkara ýaryşy geçirilýär. Onda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edýärler. “Rapid” bäsleşiginde ildeşlerimiz 2 altyn we 1 kümüş medal gazandylar. Bu görkeziji ýaryşa gatnaşýan ähli toparlaryň arasynda ýokary netijedir.


13.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň wekillerini kabul etdi

Sendaý, 13-nji mart (TDH). Ýaponiýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň Milli uniwersitetler korporasiýasynyň Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçysyny we ylmy toparynyň wekillerini kabul etdi. Duşuşyk döwlet Baştutanymyzyň kabulhanasy ýerleşen “Metropolitan” myhmanhanasynda geçirildi. Milli Liderimiz Ýaponiýanyň Sendaý şäherine BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatynyň işine gatnaşmak üçin geldi.


13.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary

Tokio-Sendaý, 13-nji mart (TDH). BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň çakylygy bilen Ýaponiýa iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Imperator Akihito hem-de bu ýurduň işewür we ylym-bilim toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu duşuşyklar Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn, giň gerimli gatnaşyklary hökmünde işjeň ösýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň dowamyna öwrüldi.


12.03.2015 | Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary Aşgabat, 12-nji mart (TDH). Şu gün agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş sapary bilen ugrady. Milli Liderimiz şol ýerde BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatyna gatnaşar. Bu maslahat Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçiriler.


12.03.2015 | Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanýar

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen Karara laýyklykda, 2015-nji ýyl Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi.


11.03.2015 | «Ahal» ýeňşe golaýlady

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün «Aşgabat» stadionynda Türkmenistanyň «Ahal» we Täjigistanyň «Istiklol» toparynyň arasynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogy ugrunda «S» toparynda ikinji tapgyryň duşuşygy geçirildi.


11.03.2015 | Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti doktor jenap Hasan Ruhaniniň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak we pugtalandyrmak maksady bilen, Onuň Alyhezreti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti doktor jenap Hasan Ruhani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çagyrmagy boýunça ýokary derejeli syýasy, ykdysady we medeni wekiliýete baştutanlyk edip, 2015-nji ýylyň 11-nji martynda (1393-nji hijri şemsi ýylynyň 20-nji esfandyna gabat gelýär) Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrdy.


11.03.2015 | Türkmen-eýran işewürler maslahaty

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda türkmen-eýran işewürler maslahaty boldy.


11.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn döwlet sapary bilen ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda gepleşikler geçirildi.


10.03.2015 | Köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ugruna eýerip

Şu gün, 11-nji martda Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin düýn agşam Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter