Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

10.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 10-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, käbir welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hem-de birnäçe düzümleýin pudaklaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.


10.03.2015 | Türkmen syýahatçylyk guramalary Berlinde geçirilen iri halkara ýarmarkasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 4-8-nji mart aralygynda “ITB Berlin-2015” halkara syýahatçylyk sergisiniň işine gatnaşdy. Germaniýanyň paýtagtynda geçirilen, dünýäde iri pudaklaýyn waka hasaplanlýan bu forum her ýyl syýahatçylyk ulgamynyň iň täze ugurlaryny we mümkinçiliklerini görkezýär. Biziň ýurdumyz hem soňky ýyllarda oňa yzygiderli gatnaşýar. Sergä gatnaşýanlaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar.


09.03.2015 | Türkmenistanyň çempiony we Kubogynyň eýesi ýeňiş bilen başladylar

Ýokary ligadaky toparlaryň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji tapgyry tamamlandy.


09.03.2015 | Türkmen türgenleriniň goşa üstünligi

Mogilew şäherinde (Belarus Respublikasy) 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda akrobatika boýunça geçirilen “Kinder Surprise” atly 10-njy halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki kümüş medal gazandylar. Ildeşlerimiz jübütleýin toparda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar.


09.03.2015 | Türkmen talyplary halkara matematika bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

Şu ýylyň 3-8-nji marty aralygynda Makedoniýa Respublikasynyň Ohrid şäherinde geçirilen 9-njy matematika bäsleşiginiň netijeleri boýunça türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kümüş medallarynyň üçüsini we bürünç medallaryň bäşisini gazandylar.


08.03.2015 | Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

Ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni -- 8-nji mart senesini dabaralandyrmakda şu günler paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda mähriban, söýýän we söýülýän ene-mamalarymyza, gyzlarymyza we uýalarymyza bagyşlanan dabaralar guraldy.


08.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 8-nji mart (TDH). Şu gün, dynç gününde boş wagtlaryny at üstünde gezim etmegi, şol sanda sport bilen meşgullanmagy, täze kitabyň üstünde işlemegi özi üçin endige öwren milli Liderimiz agtygy bilen Köpetdagyň eteginde ýerleşýän atçylyk toplumyna geldi.


07.03.2015 | Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde geçirilen türkmen we eýran medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti döredijilik çäresiniň jemleýji bölegine öwrüldi.


06.03.2015 | Resmi habarlar 6-nji Mart

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekili wezipesine bellenildi.


06.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti täze gurulýan desgalar bilen tanyşdy

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işe barýarka, ýolugra ejesiniň saglyk ýagdaýyndan habar almak maksady bilen, lukmançylyk merkezine sowuldy. Lukmanlar milli Liderimize Ogulabat ejäniň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny habar berdiler.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter