Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.04.2015 | Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna

Eziz watandaşlar! Gadyrly atşynaslar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda behişdi bedewlerimiziň şanyna giňden we dabaraly bellenýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gülläp ösýän Watanymyzyň halkara derejesindäki ösüşlerine goşýan goşantlaryňyz, halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen bedewlerini ösdürip kemala getirmekde we ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk we seýisçilik işleriňizde bitirýän hyzmatlaryňyz üçin çäksiz minnetdarlyk bildirýärin!


24.04.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy

Aşgabat, 24-nji aprel /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.


24.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýede hatyra çärelerine gatnaşdy

Çanakgala, 24-nji aprel (TDH). Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Milli Liderimiz şol ýerde Birinji jahan urşunyň iň uly söweşleriniň biri bolan Çanakgalanyň golaýyndaky söweşiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.


24.04.2015 | Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri

Aşgabat, 24-nji aprel /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre iki ýurduň dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze goşant goşmagyna gönükdirilendir.


24.04.2015 | Atçylyk boýunça halkara sergi-ýarmarkasy we maslahaty tamamlandy

Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanylyp geçirilen halkara sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VII halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady.


23.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisinde eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 23-nji apreli) Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiaýasynyň agzalary! Gadyrly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar!


23.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisine gatnaşdy

Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ganatly bedewleriň hormatyna milli baýrama gabatlanyp Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi.


23.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň oba hojalyk ministrini kabul etdi

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, bu ýerde geçirilýän türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri jenap Maurisio Martini kabul etdi.


23.04.2015 | Parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine doganlyk gatnaşyklarynyň däplerine eýerip

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça 24-nji aprelde Türkiýe Respublikasynda bir günlük iş saparynda bolar. Şol gün bu ýerde Birinji jahan urşunyň barşynda ýüz ýyl mundan ozal bolup geçen Çanakgala (Dardanel bogazy) söweşiniň gahrymanlarynyň ýadygärliginiň hormatyna dünýäniň döwletleriniň we hökümetleriniň köpüsiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çäreler geçiriler.


23.04.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem käbir möhüm resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter