Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.01.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gunça Gurbangeldiýewna Orazgeldiýewa Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.


02.01.2019 | Täze ýyl dabaralary Watanymyzyň ýaş nesilleriniň bagtyýarlygyny artdyrýar

Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň açylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy.


02.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Žair Bolsonara Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlagyny iberdi.


02.01.2019 | Daşary ýurtly syýasatçylar türkmen liderine Täze ýyl gutlaglaryny iberýärler

Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!


02.01.2019 | Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


01.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşdy

Täze, 2019-njy ýylyň başlanmagy mynasybetli dünýäniň ähli halklaryna we tutuş adamzada parahatçylyk, howpsuzlyk, ösüş hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy Siziň Alyhezretiňize ýollamak meniň üçin uly şatlykdyr.


01.01.2019 | Ýaş türkmenistanlylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

Şu gün, täze ýylyň ilkinji güni Söwda-senagat edarasynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda ýola goýlan asylly däbe görä, Döwletliler köşgüniň çagalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.


01.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Magnitogorsk şäherinde ýaşaýyş jaýynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilikli hadysa zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.


01.01.2019 | Türkmenistanlylar 2019-njy ýyly gülläp ösýän Watana buýsanç bilen garşyladylar

Türkmenistanlylar Täze, 2019-njy ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçen 2018-nji ýyly uly hormat bilen tamamlady, ol unudylmajak aýdyň wakalara, täze üstünliklere beslendi.


31.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Şanly wakalara beslenen 2018-nji — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýyl tamamlanyp barýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter