Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

16.02.2015 | Ýol bitumyny öndürmek boýunça desga ulanmaga berildi

Lebap welaýaty, 16-njy fewral (TDH). Şu gün, ählihalk baýramçylygynyň – Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürmek boýunça täze tehnologik desga işe girizildi. Bu desganyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň energetika boýunça strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädimdir, ýurdumyzda ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak şol strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir.


16.02.2015 | Resmi habarlar 16-njy Fewral

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi.


16.02.2015 | Halka baş bolup! Halk bilen bile! Halkyň bähbidine!

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täze möhlete saýlanan günündan bäri üç ýyl geçdi. 2012-nji ýylyň 12-nji we 17-nji fewraly parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan we ägirt uly üstünlikler gazanan ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň durnukly häsiýete eýedigini alamatlandyrýan möhüm sepgit hökmünde Watanymyzyň täze taryhyna girdi.


16.02.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, käbir düzümleýin pudaklaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleri ýerine ýetirmegiň barşynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalara gol çekildi.


16.02.2015 | Türkmenistan-Malaýziýa: syýahatçylyk gatnaşyklarynyň gözýetimleri

Mälim bolşy ýaly, 12-nji fewralda Türkmenistan Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur bilen göni howa gatnaşygyny ýola goýdy.


15.02.2015 | “Galkanyň” nobatdaky ýeňişi

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan hokkeý boýunça ýaryş “Galkan” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şenbe güni Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda ýurdumyzyň çempiony aýgytlaýjy duşuşykda “Nesil” toparyny 8:5 hasabynda utdy.


15.02.2015 | Syýahatçylyk diplomatiýasy: Türkmenistan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

Ozal habar berlişi ýaly, geçen hepdede “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy täze howa gatnawlarynyň ikisini açdy – indi ýolagçylar Aşgabat bilen Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Riga (Latwiýa) şäherleriniň arasynda ýola goýlan howa gatnawlarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.


14.02.2015 | Birža täzelikleri 14-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.


14.02.2015 | Balkanabatda täze demir ýol menzili guruldy

Balkanabat, 14-nji fewral (TDH). Şu gün ählihalk baýramy bolan Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň merkezinde täze demir ýol menziliniň açylyş dabarasy boldy.


13.02.2015 | Uşu boýunça türkmen ussatlary alty medal gazandylar

Eýran Yslam Respublikasynyň Zahedan şäherinde uşu boýunça geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri uly üstünlige eýe boldular. Bu göreşiň “sanda” —tutluşyklar görnüşinde türgenlerimiz iki kümüş we dört bürünç medal gazandylar.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter