Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany O.D.Kononenko «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny, älem giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen özleşdirmekde görkezen şahsy gahrymançylygyny we gazanan üstünliklerini, döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny, ýokary hünär ussatlygyny, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:


25.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.T.Ataýewa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen ady dakmak hakynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet garaşsyzlygyny, hemişelik bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny, döwletimiziň hem-de merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:


25.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

<b>Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda </b>


24.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ministri M.Artykowyň hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.


24.09.2019 | Türkmenistanyň bank ulgamy elektron tölegleriniň täze görnüşlerini ornaşdyrýar

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hödürleýän hyzmatlarynyň sanawyny giňeldýär: bu ýerde «MasterCard» halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak işi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.


24.09.2019 | Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň täze rejelenen görnüşini tassyklady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklap, ýurdumyzda howanyň täsirini meýilnamalaşdyrmak we ony seljermek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işiň nobatdaky tapgyryna badalga berdi.


24.09.2019 | Ýurdumyzyň awtoulag binýadynyň üsti täze döwrebap ulaglar bilen ýetirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda awtoulag serişdeleriniň iň täze görnüşleriniň nobatdaky tapgyry, hususan-da, «KAMAZ 6520» ýük ulaglarynyň 200-si hem-de «Toyota Сorolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 70-si «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi.


24.09.2019 | Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik — türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleriniň möhüm ugry

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Hoşzaman» hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda ilkinji bir million jüýje çykaryldy.


23.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


23.09.2019 | Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi. Asylly däbe görä, ählihalk baýramyna — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp guralýan maslahatyň işine beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter