Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen gutlady

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan şanly senedir.


08.05.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze, döwrebap obanyň, giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.


07.05.2019 | Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň käbir döwlet düzümleriniň, şol sanda esasy pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi.


07.05.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ataýew Bäşim işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.


07.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary — stats-sekretary Grigoriý Karasini kabul etdi.


07.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlaýarlar

Siziň Alyhezretiňize musulman ymmaty üçin nurana we mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek mende ýakymly duýgulary döredýär.


06.05.2019 | Birinji Hazar ykdysady forumynyň esasy ugurlary: Ulag pudagy

Şu ýyl Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Munuň özi Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Prezidentleriniň gol çeken Hazar deňziniň hukuk statusy hakyndaky Konwensiýasynyň degişli ylalaşyklary gazanmakda we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde möhüm çärä öwrüler.


06.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Moskwa şäheriniň Şeremetýewo howa menzilinde «Aeroflot» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň heläkçilikli ýagdaýda gonmagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


04.05.2019 | Weteranlaryň sarpalanmagy

Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde ýakynlaşyp gelýän 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny, tylyň zähmetkeşlerini we wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny hatyralamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, olara pul baýraklary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylgy.


04.05.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter