Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

11.01.2015 | Täze ýylda medallary gazanmagyň başy başlandy

Aziýa çempionatynda medallaryň sekizisi we halkara ýaryşynda bir bürünç medal 2015-nji ýylda halkara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň ilkinji baýraklary boldy. Aziýanyň çempionaty Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilip, onda biziň watandaşlarymyz üç kümüş we bäş bürünç medal gazandylar. Onuň öň ýanynda bolsa türgenlerimiz Kataryň 2-nji halkara kubogy ugrundaky ýaryşyň bürünç baýragynyň eýeleri boldular. Jemi –dokuz medal.


11.01.2015 | Birža täzelikleri 11-nji Yanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.


11.01.2015 | Türkmen ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny amala aşyrmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geçen hepdäniň jemleýji iki gününde Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda maslahatlar geçirildi. Olarda Ministrler Kabinetiniň 9-njy ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini yzygiderli we netijeli çözmek boýunça çärelere garaldy.


09.01.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

(2015-nji ýylyň 9-njy ýanwary) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Ýurdumyz üçin 2014-nji ýylyň ýeňil bolmandygyny açyk aýtmak isleýärin. Biziň ykdysadyýetimiz dünýäniň köp döwletleriniň ykdysadyýeti bilen berk baglanyşykly. Şoňa görä-de, dünýäde bolup geçýän ýaramaz hadysalar, aýry-aýry döwletleriň çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýy ýurdumyza hem gönüden-göni öz täsirini ýetirýär, ykdysady görkezijilerimize ýaramaz täsir edýär. Bu bolsa, bizi ähli çäreleri görmäge, kähalatlarda bolsa, ýüze çykan meseleleri çözmek üçin adaty bolmadyk, gyssagly çäreleri görmäge mejbur edýär.


09.01.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Aşgabat, 9-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine 2014-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler bilen bagly meseleler, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalary girizildi.


09.01.2015 | Resmi habarlar 9-njy Yanwar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Goçmyrat Aşyrmuhammedowiç Myradow Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.


09.01.2015 | Resmi habarlar 9-njy Yanwar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we ilatymyzyň ýokary hilli et-süýt önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, şeýle hem azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


08.01.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Fransua Ollanda Pariž şäherinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


08.01.2015 | Ýurdumyzyň bilimi: ulgamy ösdürmegiň netijeleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar

Şu günler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň edaralarynda geçirilýän mugallymlaryň maslahatlarynda olaryň 2014-2015-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşylýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň ýaş nesline bilim we terbiýe bermegiň derejesini hem-de hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini netijeli çözmek maksadynda öňdebaryjy tejribe we mugallymçylyk iş usuly seljerilýär.


07.01.2015 | Dekabr-2014: milli Liderimiziň daşary syýasata degişli başlangyçlarynyň ugruna eýermek arkaly

Geçen dekabr Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oňyn özgertmeleriň ugry bilen ynamly gadam urýan döwrebap türkmen döwletiniň täze taryhynda, hakykatdan-da, möhüm ähmiýetet eýe bolan 2014-nji ýyly özboluşly görnüşde jemledi. Netijeli işjeň duşuşyklaryň onlarçasynyň geçirilmegi, köpsanly daşary ýurt wekiliýetleriniň saparlary, iri halkara forumlarynyň we sergileriň guralmagy – bularyň ählisi ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň milli Liderimiziň başlangyjy boýunça “açyk gapylar” syýasatyny hem-de deňhukuklylyga we özara bähbitlilige mahsus ýörelgeler esasynda guralýan giň döwletara hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter