Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

12.12.2018 | Halkara Bitaraplyk gününe döredijilik sowgady

Şu gün paýtagtymyzyň Mejlisler merkeziniň sahnasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert boldy.


12.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli öz halkymyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.


12.12.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi ýetip gelen uly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


11.12.2018 | Ýurdumyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli täze binalar açyldy

Bitarap Türkmenistan üçin şanly sene bolan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Dabaralara welaýatlaryň, etraplaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.


11.12.2018 | Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary

Şu gün Söwda-senagat edarasynda türkmen döwletiniň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 23 ýyllygyna gabatlanyp, “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.


11.12.2018 | Futzal boýunça Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Kubogy «Talyp sporty» toparynda

Halkara Bitaraplyk gününiň baýram edilýän günlerinde Aşgabatda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 2018-nji ýylda futzal boýunça Bitaraplygyň Kubogynyň eýesi kesgitlendi. Bu toparlar bir hepdäniň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalarynda erjel göreş alyp bardylar.


11.12.2018 | ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.


11.12.2018 | «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem ýetip gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


11.12.2018 | “Galkan” topary — hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi

Şu gün Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanyp geçirilen hokkeý boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň finalynda “Galkan” we “Watançy” toparlary duşuşdylar.


11.12.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň dokma senagaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek dokma senagaty ministriniň orunbasary Ogulhajat Amanmyradowna Işangulyýewanyň üstüne ýüklenildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter