Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.02.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Men häzir geçen ýylda edilen işleriň gysgaça jemlerini jemlemek, şeýle hem şu ýyl çözmeli ileri tutulýan wezipelerimizi kesgitlemek isleýärin.


07.02.2020 | Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy tamamlandy.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany G.M.Müşşikow hakynda

Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ş.Durdylyýew hakynda

Şamuhammet Durdylyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany E.O.Annamuhammedow hakynda

Ezizgeldi Orazmuhammedowiç Annamuhammedowy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany R.N.Gandymow hakynda

Rahym Nurgeldiýewiç Gandymowy Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.H.Purçekow hakynda

Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


07.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny düýpli özgertmek hem-de bu pudaklary dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly olaryň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter