Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisinde eden çykyşy

Şu gün biz Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky IX mejlisini geçirýäris. Myhmansöýer, güneşli türkmen topragyna — şöhraty äleme dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň watanyna hoş geldiňiz!


26.04.2019 | Aşgabatda halkara sergi-ýarmarka we ylmy maslahat açyldy

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna gabatlanylyp, halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahat öz işine başlady.


26.04.2019 | Resmi habarlar

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak hem-de atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, assosiasiýanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky X mejlisini 2020-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi.


26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar.


26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Garaşsyz ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär.


26.04.2019 | Döwlet Baştutany Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sizi ýurdumyzda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


25.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.


25.04.2019 | Türkmen türgenleri Ýewropa çempionatynda medallara mynasyp boldular

Harkow şäherinde (Ukraina) 22 — 26-njy aprel aralygynda taýboks we garyşyk başa-baş tutluşyklar boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa 10 döwletiň toparlary, şeýle hem 16 türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşdy.


25.04.2019 | Aziýa çempionatynda boksçymyz bürünç medaly aldy

Bangkok şäherinde (Tailand Patyşalygy) 16 — 27-nji aprel aralygynda boks boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Ýaryşlarda 35 ýurtdan dürli agram derejelerinde çykyş edýän 315 türgen medallar ugrunda bäsleşýär. Türkmenistanyň topary hem bu ýaryşa gatnaşýar.


25.04.2019 | Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ýedinji mejlisi geçirildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter