Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.04.2019 | Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kasym Mohamed Salim Al Salhiden ynanç hatyny kabul etdi.


22.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


22.04.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


21.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti jenap Maýtripala Sirisene bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


21.04.2019 | Türkmenistanda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleri tamamlandy

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy, ol Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.


21.04.2019 | Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine

Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda X Halkara gaz kongresiniň geçiriljek wagtyna çenli bir aýdan hem az wagt galdy, bu duşuşyga dünýäniň energetika bazaryna esasy gatnaşyjylar ýygnanar.


20.04.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy.


19.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine seredildi.


18.04.2019 | Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Hazar sebitindäki örän iri senagat kärhanasyna — Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyna bardylar.


18.04.2019 | Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy

Şu gün türkmen paýtagtynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy. Bu çäräni Saud Arabystany Patyşalygynyň Media ministrligi hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter