Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

21.04.2019 | Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine

Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda X Halkara gaz kongresiniň geçiriljek wagtyna çenli bir aýdan hem az wagt galdy, bu duşuşyga dünýäniň energetika bazaryna esasy gatnaşyjylar ýygnanar.


20.04.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy.


19.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine seredildi.


18.04.2019 | Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Hazar sebitindäki örän iri senagat kärhanasyna — Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyna bardylar.


18.04.2019 | Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy

Şu gün türkmen paýtagtynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy. Bu çäräni Saud Arabystany Patyşalygynyň Media ministrligi hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.


18.04.2019 | 18-nji aprel — Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni

ICOMOS — tutuş dünýä boýunça ýadygärlikleri goramak bilen meşgullanýan halkara hökümet däl gurama bolup, 37 ýyl mundan öň bu düzüm 18-nji apreli «Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni» diýip yglan etdi. ÝUNESKO bu başlangyjy 1983-nji ýylda geçirilen 22-nji Baş konferensiýasynda makullady. Şondan bäri 18-nji aprel medeni mirasy baýram etmegiň we wagyz etmegiň güni hem-de onuň köpdürlüligi, möhümligi, ony goramagyň hajatlary we bähbitleri bilen tanyşmak mümkinçiligi bolup durýar.


17.04.2019 | Türkmenistan we Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltdiler

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler geçirildi.


17.04.2019 | Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň bilelikdäki beýannamasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In 2019-njy ýylyň 16 — 18-nji aprelinde döwlet sapary bilen Türkmenistanda boldy.


17.04.2019 | ÝHHG-NIŇ sebitleýin maslahaty

Şu gün paýtagtymyzda ÝHHG-niň «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat işläp başlady. Ol ÝHHG-niň ýurdumyzdaky merkeziniň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy.


16.04.2019 | Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň türkmenistana döwlet saparyna

Şu gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter