Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.03.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 196-sy hasaba alyndy.


08.03.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna

Sizi bahar paslynyň älem-jahany joşduryp, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenýän ýylynda joşgunly çäreler bilen utgaşýan Halkara zenanlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize buýsanjy, eziz Watanymyza söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!


07.03.2020 | Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

Şu gün ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 258-sine «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bu ýerde guralan dabara Mejlisiň başlygy, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.


06.03.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere seredildi.


06.03.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilata edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligine 400 sany «Hyundai AII New Super Aero City» kysymly şäher içi awtobusy hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Koreýa Respublikasynyň «Hyundai» korporasiýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Garaşsyz Diýarymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçirilýän düýpli özgertmeler hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen, öňdebaryjy ýurduna öwürýär. Amala aşyrylýan tutumly işler merdana halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yzygiderli ösýän jemgyýetimiziň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin amatly şertleri döredýär.


06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:


05.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň we Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


05.03.2020 | Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi hem-de täze desgalaryň birnäçesindäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde döredilen ýaşyl zolaklary synlady. Milli Liderimiz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň haýyşy boýunça köpçülikleýin bag ekmek dabarasy üçin niýetlenen bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.


05.03.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy

Geçen 2019-njy ýyl milli ykdysadyýetimizi batly depginler bilen ösdürmek arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine beslendi. Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy bolsa ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridir.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter