Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

04.03.2020 | Resmi habar

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


03.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


03.03.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, 2020-nji ýylyň 4 — 6-njy mart aralygynda Marokko Patyşalygynda gulluk iş saparynda bolar.


02.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza hem-de welaýatlara gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.


02.03.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Toýgeldi Baýrammyradowiç Mämmedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


02.03.2020 | Ýiti respirator wirusly ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça BSGG-niň maslahatlary

Dünýädäki epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, howply ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.


01.03.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Karar Nepesowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


29.02.2020 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.


28.02.2020 | Hormatly Prezidentimiz Maryda sadaka berdi we Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde — Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy.


28.02.2020 | Nebitgaz pudagy üçin işgärleri taýýarlaýyş ulgamy kämilleşdirilýär

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda bolan mejlisinde beren tabşyrygy boýunça Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Desga bu konserniň buýurmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda, hususan-da, bu ýurduň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maýa goýmagynda «Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter