Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti milli olimpiýa ýygyndysynyň taýýarlyk şertleri bilen tanyşdy we atçylyk toplumyna bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy.


02.03.2019 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahatyň işine gatnaşmaga ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.


02.03.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.


02.03.2019 | Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine bolsa Myrat Garryýewiň atlary dakyldy

Türkmenistanyň Mejlisi “Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň atlaryny dakmak hakynda” Karary, şeýle hem “Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Karary kabul etdi.


01.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.


01.03.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: söwda toplumy we telekeçilik

Söwda toplumy Türkmenistanyň içeri we daşary ykdysady syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Häzirki wagtda bu ulgam halk hojalyk toplumynyň iň okgunly ösýän ugurlarynyň biridir, toplumda milli ykdysadyýetimizde bolup geçýän özgertmeler, bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde onuň meýilleri has aýdyň beýanyny tapýar.


01.03.2019 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykaran 1136-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2019-njy ýylyň 21-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek belleni


01.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.S.Garajaýew hakynda

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.


28.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitindäki ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereklerindäki ekologiýa ýagdaýy hem-de bu ýerde döwrebap nusgadaky täze obany gurmak, şeýle hem maldarçylygy, ekerançylygy we balykçylygy ösdürmek boýunça meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdy.


28.02.2019 | Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň bäşinji maslahaty öz işine başlady.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter