Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

22.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy.


21.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda pudakdaky işleriň ýagdaýyna seljerme berildi, ýer-suw serişdeleriniň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.


21.11.2019 | BMG-niň se­bit maksatnamasynyň forumy jemleýji resminamany — Aşgabat başlangyjyny kabul etdi

Şu gün türkmen paýtagtynda «SPEKA günleri» tamamlandy. Onuň çäklerinde iki çäre — ykdysady forumyň ikinji güni hem-de BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň Ýolbaşçy geňeşiniň on dördünji sessiýasy geçirildi.


21.11.2019 | Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlet tabşyrygyny amal etdiler

Lebap welaýatynyň şalyçylary döwlete 48 müň tonna golaý şaly tabşyryp, bellenilen wezipä üstünlikli hötde geldiler.


20.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti senagat - kommunikasiýa toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda senagat we kommunikasiýa toplumynda bar bolan çözülmeli meseleler hem-de toplumyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.


20.11.2019 | Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň forumy geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň forumynyň açylyşy boldy. «Özara baglanyşyk: SPEKA-nyň kiçi sebitinde söwda we ulag işlerini ýönekeýleşdirmek hem-de durnukly ösüş» mowzugy forumyň esasy meselesine öwrüldi.


20.11.2019 | Türkmenistanda Çaganyň hukuklary boýunça Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenildi

2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň huhuklary hakyndaky Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çäre geçirildi.


20.11.2019 | GDA-nyň Minskidäki ştab-kwartirasynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

19-njy noýabrda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Minskidäki ştab-kwartirasynda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategiuk ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda» temasyndan tegelek stol geçirildi. Türkmen tarapy duşuşyk baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.


19.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


19.11.2019 | Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Ol medeni syýasatyň amala aşyrylmagyna, milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilýär.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter