Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

29.07.2019 | Türkmenistanda şypahana hyzmatlary dünýä derejesine çykýar: «Awaza» şypahanasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanylýan halkymyzyň we ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek babatda belent sepgitleri eýeledi.


28.07.2019 | Türkmenistan raýat awiasiýasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmen döwleti Ýewraziýa yklymynyň uly ýollarynyň çatrygynda örän amatly ýerleşmegi ählumumy ösüşi üpjün etmekde milli ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar.


28.07.2019 | Binagärlik toplumlary ajaýyp Awazanyň gözelligini artdyrýar

Şu gün Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahana toplumynyň üsti täze bina — «Awazanyň ýalkymy» atly binagärlik toplumy bilen ýetirildi, onuň açylyş dabarasy köpöwüşginli uly baýramçylyga öwrüldi.


28.07.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.


26.07.2019 | Türkmenistanda şypahana hyzmatlary dünýä derejesine çykýar: «Baýramaly» şypahanasy

Häzir Türkmenistanyň şypahana-sagaldyş ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sazlaşykly ösdürilýär. Baýry şypahanalaryň durky täzelenýär. Olaryň täze binalary gurulýar, dünýä standartlary derejesi üpjün edilýär.


26.07.2019 | Birinji Hazar ykdysady forumy täze neşiriň sahypalarynda

«Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan şäheri) goldaw bermeginde Astrahan oblastynyň administrasiýasy bilen bilelikde neşir edildi.


26.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammet An-Nasere Tunis Respublikasynyň Prezidenti Beži Kaid Es-Sebsiniň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.


25.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Boris Jonsona Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.


25.07.2019 | Türkmenistan Owganystanyň ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrýar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň düzümindäki wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylyşyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy.


25.07.2019 | Aziýa çempionaty — 2020-niň saýlama oýunlary boýunça türkmen futzalçylarynyň bäsdeşleri kesgitlenildi

Şu gün Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň paýtagtyndaky edara binasynda futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň saýlama oýunlarynyň bije atyşlygynyň jemleri boýunça Eýranyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary Türkmenistanyň toparynyň bäsdeşleri bolar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter