Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

25.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ş.D.Jumaýew hakynda

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şöhrat Durdykulyýewiç Jumaýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.


24.12.2019 | Balkan welaýatynda täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli uly baýramçylyk

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow Serdar etrabynyň «Arkaç» geňeşliginiň çäginde gurlan täze, döwrebap Rowaç atly obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


24.12.2019 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


23.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daniýanyň belli «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Býorn Stefan Klauzeni kabul etdi.


23.12.2019 | Gurluşyk senagatynyň ösdürilmegi — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy žurnalynyň nobatdaky sanynda okyjylara belli türkmen alymlarynyň, şeýle hem ýaş hünärmenleriň ylmy, syn-seljerme hem-de maglumat, aň-bilim häsiýetli makalalary hödürlenilýär, olar binagärlik-şähergurluşyk işleriniň möhüm meselelerine bagyşlanýar.


21.12.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.


21.12.2019 | S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresi

Şu gün paýtagtymyzyň «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy.


20.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.


19.12.2019 | Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — sagdyn nesliň özeni» atly maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň Mejlisi, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy.


19.12.2019 | Türkmenistanda Efiopiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Girma Temesgen Barkessadan ynanç hatyny kabul etdi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter