Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

23.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň hem-de energetika ministri M.Artykowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


23.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.R.Artykow hakynda

Myrat Rejepowiç Artykowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatmaly.


23.01.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowyň üstüne ýüklenildi.


22.01.2020 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.


22.01.2020 | Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi

Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.


22.01.2020 | Türkmenistan — Ýewropa: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek

«Euronews» habarlar telewideniýesiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy, işewürligi ösdürmek boýunça baş direktory Roland Nikolaou Türkmenistanda iş saparynda bolýar.


22.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ý.Ý.Berdiýewi harby atda peseltmek hakynda

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýewiň general-polkownik harby adyny general-maýor harby adyna çenli peseltmeli.


22.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Polisiýanyň general-maýory Ç.K.Amanowa polisiýanyň general-leýtenanty ýörite adyny dakmak hakynda

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň rektory, polisiýanyň general-maýory Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowa polisiýanyň general-leýtenanty ýörite adyny dakmaly.


22.01.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi.


21.01.2020 | «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir «Sanly ykdysadyýetde innowasion ösüş we intellektual eýeçiligiň goragy» atly makala bilen açylýar. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ähmiýetine üns çekilýär. Halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň geljekki ösüşlerine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde onuň orny nygtalýar.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter