Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

11.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, käbir döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


11.03.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň häkimi Kürtow Kakamyrat Begençmyradowiçe käýinç yglan edildi.


11.03.2019 | Küştdepdi tansy — Hindistanda geçirilen halkara tans festiwalynda

Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde 7 — 10-njy mart aralygynda Aziýa — Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) II Halkara tans festiwaly geçirildi.


11.03.2019 | Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly

Şu günler ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ildeşimiz Bektimur Reýimow bürünç medala eýe boldy.


11.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti hanym Sahle-Work Zewdä «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


11.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreşe «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň köp sanly işgärleriniň gurban bolandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.


11.03.2019 | Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady.


10.03.2019 | 2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek ХХХII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak we olaryň öňde boljak ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça Guramaçylyk toparynyň giňişleýin düzümdäki mejlisi geçirildi.


10.03.2019 | Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy «Köpetdagda»

Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin naýbaşy kubogynyň eýesi belli boldy. Jemleýji bäsleşik Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Deňizçi» topary bilen ýurdumyzyň çempiony «Köpetdagyň» arasynda boldy.


10.03.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen özara hyzmatdaşlygyny uzakmöhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek bilen bagly çäreleri kadalaşdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň 2019-njy ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmek tabşyryldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter