Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri karbamid toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri senagat desgasynyň — “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy boldy, bu desga ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümleriniň üstüni ýetirdi.


17.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň energetika ulgamy hem-de önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tasuýa Watanabeni kabul etdi.


17.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Сorporation» we «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Mitsubishi Сorporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti jenap Hiroşi Sakumany hem-de «Mitsubishi Heavy Industries Engineering, Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Şigehisa Kobaýaşini, şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.


17.09.2018 | Türkmen türgeni - erkin göreş boýunça halkara ýaryşyň baýrak eýesi

Belarus Respublikasynyň paýtagty Minskide tamamlanan erkin göreş boýunça halkara ýaryşda 79 kilograma çenli agram derejesinde ildeşimiz Döwletmyrat Orazgylyjow kümüş medal gazandy.


16.09.2018 | Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler

Howa şertleri boýunça ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden ýygym möwsümi biraz gijiräk badalga alýan Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şu gün pagta ýygymyna girişdiler.


16.09.2018 | Hormatly Prezidentimiziň Akhan diýen aty dünýä rekordyny goýdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň 15-nji sentýabrda tamamlanmagy mynasybetli Hazar deňziniň kenarynda geçen owadan dabaralaryň barşynda awtomobil ýaryşynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan başga-da, taryha girjek ýene-de bir ajaýyp waka boldy.


15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara ralliniň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ajaýyp taslamasy - “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Şu gün agşam «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil sportunyň ýyl ýazgysyna giren hem-de Türkmenistanyň geljekde hem sporty dünýä derejesinde ösdürmäge ýardam etmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylaryň duşuşygynyň dabaraly çäresi geçirildi.


15.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada sport toplumyna bardy

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpugurly sport toplumyna bardy.


15.09.2018 | Ýokary döwlet sylaglary — milli medeniýetimizi ösdürmäge goşant üçin

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gutlagynda bäsleşigiň ýeňijilerini şu günki waka hem-de ýetip gelýän baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy bilen gutlap, jemgyýetiň ruhy durmuşynda, milli däplerimizi ösdürmekde, taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamakda we dünýä ýaýmakda, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmakda hem-de dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmekde olaryň işiniň ähmiýetini belledi.


15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň we zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter