Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

24.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly, obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy we möwsümleýin meýdan işleriniň barşy baradaky meseleler girizildi.


23.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde bu sebitiň Baştutany Rustam Minnihanow bilen gepleşikleri geçirdi hem-de «Sabantuý» milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy.


21.06.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


21.06.2019 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek we kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2019 — 2020-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara öwrediji kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine:


20.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli şähergurluşyk taslamasy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.


19.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.


18.06.2019 | Resmi habarlar

Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Halkara Sambo federasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi hem-de şu çempionaty geçirmek baradaky Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.


17.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine, ýerlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň barşyna garaldy, şeýle hem guramaçylyk meselesine degişli çözgütler kabul edildi.


17.06.2019 | Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Branko Rakowesden ynanç hatyny kabul etdi.


17.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter