Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

13.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany R.Ý.Garajaýewe podpolkownik harby adyny dakmak hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:


13.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Baýramow D.G. hakynda

Baýramow Döwrangeldi Garýagdyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşatmaly we onuň polkownik harby adyny maýor harby adyna çenli peseltmeli.


13.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ý.Ý.Berdiýew hakynda

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-polkownik Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň goranmak ministri wezipesinden boşatmaly.


13.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.A.Gündogdyýew hakynda

General-maýor Begenç Ataýewiç Gündogdyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşatmaly.


13.06.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, içerki gullugyň podpolkownigi Röwşen Ýazmuhammedowiç Garajaýew Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň, şäher hem-de etrap gulluklarynyň edara ediş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň, şeýle hem ony talabalaýyk ulanyş ýagdaýynda saklamagyň meseleleri girizildi.


12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda


11.06.2018 | Türkmenistanda Zambiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Zambiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadrek Luwitadan ynanç hatyny kabul etdi.


09.06.2018 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. Maslahata hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.


09.06.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Mejlisi «Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda ekstradisiýa etmek hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda jenaýat işleri boýunça özara hukuk kömegini bermek hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda», «Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna hem-de jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Halkara raýat awiasiýasy babatda bikanun hereketlere garşy göreşmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda», «Howa gämileriniň bikanun basylyp alynmagyna garşy göreşmek hakynda Konwensiýanyň üstüni ýetirýän Teswirnama goşulmak hakynda» Kararlary kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter