Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy kabul etdi.


27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Ol iri senagat desgasynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.


27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpei kabul etdi. Ol Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.


27.06.2019 | Türkmenistanda Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karsten Sendergorddan ynanç hatyny kabul etdi.


27.06.2019 | Ýaponiýanyň Imperatory tagta çykmagy mynasybetli gutlaglary üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi

Siziň Alyhezretiňiz, meniň tagta çykmagym mynasybetli iberen, mähirli sözler beýan edilen hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.


26.06.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamanyň taslamalaryna garaldy.


26.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


26.06.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 175-nji maddasyna we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri (ömrüni we saglygyny) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


25.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti UNISEF-iň wekilhanasynyň baştutanyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň täze bellenen baştutany hanym Kristina Weýgandy kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.


25.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.H.Hojaberdiýew hakynda

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň towakganamasy esasynda Artykguly Hojageldiýewiç Hojaberdiýewi «Nesil» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemeli.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter