Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

10.01.2018 | Adalat ministri Begmurat Muhamedowa ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesi berildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Adalat ministri, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowa ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesi berildi.


10.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen:


10.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz Içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işgärleri saýlap-seçip almakda we ýerli-ýerinde goýmakda goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Içeri işler ministri Mulikow Isgender Handurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


09.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem-de amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini gün-günden berkidip, dürli pudaklarda netijeli halkara gatnaşyklarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. Watanymyzyň ähli künjegini, has çetdäki obalary gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň barşynda paýtagtymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ähli aýdyňlygy bilen äşgär edýär.


09.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek baradaky çözgütleri kabul eitdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlary bilen:


09.01.2018 | Döwlet Baştutanymyzyň adyna daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowint, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Kolinda Grabar-Kitarowiç, Surinam Respublikasynyň Prezidenti Dezire Delano Bauterse maşgalasy bilen, Botswana Respublikasynyň Prezidenti Seretse Khamaýan Khama öz gutlaglarynda Täze ýylda parahatçylyk, şatlyk, bagt hem-de asylly maksatlaryň hasyl bolmagyny arzuw edýärler.


08.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda 2018-nji ýylda ilkinji göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini mundan beýläk-de amala aşyrmagyň wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň, etraplaryň häkimlikleriniň guramaçylyk meselelerine garaldy.


08.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen:


06.01.2018 | Hormatly Prezidentimiziň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelip gowuşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlarynda iň oňat arzuwlaryny ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp we maşgala agzalary, Owganystan Yslam Respublikasynyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany Doktor Abdulla Abdulla, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Muhammed Bin Raşed Al Maktum, Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýan, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg beýan etdiler


06.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň käbir häkimlikleriniň atlaryny we gurluşyny üýtgetmek hakynda Karara gol çekdi

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter