Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

03.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz wezipä bellemek boýunça Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Garajaýew Annageldä berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


02.01.2018 | Hajymyrat Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Hajymyrat Iskanderowiç Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi. Ozal ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň başlygy wezipesinde işleýärdi.


02.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Norwegiýanyň Patyşasy Harald V, Daniýanyň Patyşasy Margrete II, Tonganyň Patyşasy Tupou VI, Kanadanyň General-gubernatory Žýuli Peýett, Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Petsi Reddi, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Donald Tusk, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Halil Ibragim Akça Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny iberdiler.


01.01.2018 | Döwlet Baştutanymyzyň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelmegini dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlary gelmegini dowam edýär. Döwlet Baştutanymyza we türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny Germaniýa Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkel, Irlandiýanyň Prezidenti Maýkl Higgins, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Mongoliýanyň Prezidenti Haltmaagiýn Battulga, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halif Bin Zaed Al Nahaýan, Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al Sisi, Iordaniýanyň koroly Abdulla II we onuň maşgala agzalary gutlag hatlarynda beýan etdiler.


01.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz heýkeltaraş Saragt Babaýewe “Hormatly il ýaşulusy” adyny dakdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdümekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigini hem-de durmuşa asylly görelde nusgasyny görkezýändigini nazara alyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragt Babaýewe Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy.


31.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy daşary ýurtlaryň döwlet baştutanlary we syýasatçylary Täze ýyl baýramy bilen gutlaýarlar

Geçip barýan ýylda russiýa-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin köp işleri amala aşyrmak başartdy. Biziň Aşgabatda we Soçide bolan duşuşyklarymyz Russiýanyň we Türkmenistanyň sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine çemeleşmeleriniň ýakyndygyny tassyklady. Ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbidine, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin ähli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary bilelikdäki tagallalarymyz bilen geljekde hem ösdürjekdigimize ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň maşgalaňyza we ýakynlaryňyza berk jan saglygyny, bagtyýarlyk we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy we rowaçlygy tüýs ýürekden arzuw edýärin - diýlip, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gutlagynda aýdylýar.


30.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 30-njy dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prehzidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


29.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2017-nji ýylyň ähmiýetli wakalarynyň üstünde durlup geçildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky mejlisini geçirdi.


28.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


26.12.2017 | Saýlawlara taýýarlanmagyň barşynda saýlaw toparlary döredilip başlandy

Şu günler ýurdumyzda 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmeklige guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, okrug we Geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri işjeň ýagdaýda dowam edýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter