Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

15.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň permany

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda


13.04.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna ýüzlenmesi

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


13.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


13.04.2018 | Resmi habarlar

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


13.04.2018 | Bütindünýä welosiped güni

Birleşen Milletler Guramasy A/72/L.43 Baş Assambleýa Ýetmiş ikinji sessiýa Gün tertibiniň 11-nji bölümi Sport parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine: sport we olimpiýa hereketleri arkaly dünýäde parahatçylygy tassyk etmek we has bagtyýar durmuşy esaslandyrmak


13.04.2018 | Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Birleşen Milletler Guramasy A/72/L.42 Baş Assambleýa Ýetmiş ikinji sessiýa Gün tertibiniň 19-njy bölümi Durnukly ösüş


12.04.2018 | Türkmenistan — BMG: saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraply özara gatnaşyklarynyň gün tertibinde saglygy goraýyş meselesi görnükli orun tutýar, şol sanda munuň özi durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda şeýledir. Ýurdumyzda ýakynda bellenilen Bütindünýä saglyk güni bu ulgamda döwletimiziň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilýän hem-de sagdyn enelik we çagalyk üçin şertleri, ýurduň raýatlarynyň doly bahaly durmuşyny döretmäge gönükdirilen çözgütleriň öňdengörüjiliklidigini hem-de başlangyçlar bilen çykyş etmek ugurlydygyny görkezdi.


12.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz gutlagynda Ilham Aliýewiň saýlawlarda gazanan ýeňşiniň azerbaýjan halkynyň onuň döwlet gurluşyny berkitmäge we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluna uly ynamynyň we goldawynyň şaýady bolup durýandygyny belledi.


12.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Alžiriň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelaziz Buteflika Bufarik howa menziliniň golaýynda harby-ulag uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


11.04.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter