Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

12.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda dünýä bilelşigi bilenbilelikde ilkinji gezek Halkara Bitaraplyk güni giňden dabaralandyrylýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda bu şanly waka myynasybetli köpçülikleýin çäreler ýaýbaňlandyryldy.


12.12.2017 | Hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

Sizi dünýä bileleşigi bilen bilelikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ilkinji gezek giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bitaraplyk türkmen halkynyň, dünýä bileleşiginiň ynsanperwer maksatlaryny rowaçlandyrýar. Döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy hem-de hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşini üpjün etmegiň we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biridir.


11.12.2017 | Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 22 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahaty geçirildi.


11.12.2017 | Daşary ýurtlaryň baştutanlary we tanymal syýasatçylar Hormatly Prezidentimize Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlag hatlaryny iberdiler

Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge goşýan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmegi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara Bitaraplyk güni hakynde Kararnamany kabul etmegi bilen tassyklanyldy. Belarus Respublikasy bu çözgüdi diňe goldamak bilen çäklenmän, eýsem, onuň ilkinji awtordaşy bolup, biziň ýurtlarymyzyň daşary syýasatynyň ýörelgeleriniň ýakyndygyny görkezdi. Ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan belarus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösjekdigine ynanýaryn – diýip Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň hatynda bellenýär.


11.12.2017 | BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 10 ýyllygynyň hormatyna halkara maslahat

Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi.


11.12.2017 | Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy barada hormatly Prezidentimize habar berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.


11.12.2017 | “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimize Galkynyş känindäki işleriň barşy barada habar berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublkasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Roky kabul etdi.


11.12.2017 | “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy geljegi uly türkmen bazarynda tutýan ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.


11.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanylan foruma gatnaşyjylary gutlady

Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahatynyň işiniň başlanmagy, şeýle hem ýetip gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn!-diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlagynda aýdylýar.


08.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň on bir aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň geçiren işleriniň jemlerine garaldy, Prezident maksatnamalarynyň we beýleki milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalary hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter