Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

01.12.2017 | Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar

Şu ýylyň 4–5-nji dekabrynda wise-premýer, daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. Bu duşuşyga görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berildi.


01.12.2017 | Myrat Arçaýew Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellendi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Myrat Gurbandurdyýewiç Arçaýew Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenildi. Häzire çenli ol Döwlet ministriniň – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.


01.12.2017 | Döwlet Baştutanymyz medeniýet ministriniň orunbasaryny wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bahargül Gurbanmyradowna Abdyýewa başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


30.11.2017 | Tamas Ajan Gurbanguly Berdimuhamedowy 2018-nji ýylda Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen gutlady

Hormatly Prezidentimize, Milli Olimpiýa Komitetiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Halkara Olimpiýa komitetiniň Hormatly agzasy Tamas Ajandan gelip gowşan hatda şeýle diýilýär:


30.11.2017 | Döwlet Baştutanymyz Batyr Niýazliýewi Bolgariýda Ilçi wezipesine belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, Türkmenistanyň Russiýa Federasyndaky Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Gurbanmyradowiç Niýazlyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçsisi wezipesine bellenildi.


29.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga berdi

Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi.


29.11.2017 | Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Aşgabat Jarnamasy kabul edildi

Şu gün paýtagtymyzda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi öz işini dowam etdi, ol Türkmenistanyň bu halkara guramasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär.


29.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz we ÝHHG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşdy. Ol Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.


29.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine Şöhrat Amangeldiýewi belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiç Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi.


28.11.2017 | Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy

Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy, şu ýyl Türkmenistan bu Konferensiýa başlyklyk edýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter