Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

20.03.2018 | Döwlet Baştutanymyz azatlykdan mahrum edilenleriň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Milli bahar baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.


20.03.2018 | Hökümetara türkmen-koreý toparynyň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


20.03.2018 | GDA-nyň synçylarynyň wekilçilikli topary: saýlaw möwsümi açyk bäsdeşlik hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň wekilçilikli toparynyň Aralyk hasabaty (2018-nji ýylyň 5—20-nji marty)


20.03.2018 | «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy we bu şanly sene mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


19.03.2018 | Agamyradow Gulmyrat we Agaýew Parahat Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasarlary wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen Gulmyrat Nurmyradowiç Agamyradow we Parahat Öwezowiç Agaýew Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasarlary wezipesine bellenildi.


19.03.2018 | Döwlet Baştutanymyz harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.


19.03.2018 | Rejebow Eziz Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rejebow Eziz Muhammettagiýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


19.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi we bu wezipä gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.


19.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti HHR-yň Başlygy Si Szinpine gutlag iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Si Szinpini Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.


19.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, birnäçe ministrlikleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter